Türkmenhowaýollary 9 şähere halkara uçuşlaryny gaýtadan dikeldýär

 «Türkmenistan» awiakompaniýasy Bangkoka (Tailand), Minskä (Belorussiýa), Delä (Hindistan), Almata (Gazagystan), Sankt-Peterburga (Russiýa), Ankara (Türkiýe), Pariže (Fransiýa), Seula (Koreýa Respublikasy) we Tokio (Ýaponiýa) şu ýylyň mart-aprel aýlarynda göni uçuşlara gaýtadan başlar.

 

Mundan başga-da, ýük awiaparkynyň üstüniň ýetirilmegi bilen, Türkmenistan Hanoý (Wýetnam), Seul (Koreýa Respublikasy) we Şençžen (Hytaý) bilen kadaly ýük gatnawyny ýola goýar.

 

Halkara ugurlary boýunça kadaly uçuşlaryň dikeldilmegi, ilkinji nobatda, dünýäde pandemiýa ýagdaýynyň gowulanmagy bilen baglanyşyklydyr.

 

Ozal Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow halkara uçuşlaryň kadalygyny koronawirus pandemiýasyndan öňki döwürdäki derejesine ýetirmegi tabşyrypdy.