TDHÇB-de söwdalar: nebithimiýa pudagynyň önümlerine uly isleg bildirildi

Duşenbe güni, 22-nji aprelde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ýurdumyzyň nebithimiýa pudagynyň önümlerine uly isleg bildirildi.

Owganystandan, Türkiýeden we Gruziýadan telekeçiler «В» kysymly karbamidi, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny hem-de «BND 60/90» kysymly nebit ýol bitumyny satyn almak boýunça «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri bilen geleşikleri baglaşdylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy ABŞ-nyň 10 446 000 dollaryna deň bolan 9 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.


Maglumat çeşmesi: Orient.tm