Açylan gül GDA-da Meýletinçiler hereketiniň ýylynyň nyşany boldy
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda (GDA) Meýletinçiler hereketiniň ýylynyň iň gowy nyşanyny saýlamak boýunça geçirilen halkara bäsleşigiň netijelerine görä, ýylyň nyşany hökmünde açylan gül saýlandy.
Täze nyşan agzybirligi we bitewiligi aňladýar. Gül ýapraklarynyň sany hem tötänleýin saýlanmady – ýedilik ösüşi, ruhubelentligi we jogapkärçiligi aňladýar.
«Gülüň her bir ýapragy beýlekilerden aýratyn ýerleşýär, ýöne olar bilelikde bitewi güli emele getirýärler. Meýletinçiler hereketiniň esasy wezipesi – uzak aralykda hem jebis bolmak şekillendirilen görnüşde şeýle görünýär» diýip, GDA-da meýletinçiligi ösdürmegiň meseleleri boýunça iş topary teswir berdi.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Meýletinçiler hereketiniň ýylynyň iň gowy nyşanyny saýlamak boýunça halkara bäsleşigi GDA-da meýletinçiligi ösdürmegiň meseleleri boýunça iş toparynyň goldaw bermeginde Russiýanyň MIREA tehnologiýa uniwersiteti tarapyndan guraldy. Oňa Belarusdan, Russiýadan, Özbegistandan, Täjigistandan, Gazagystandan we Gyrgyzystandan 36 döredijilik işgäri gatnaşdy.
Ýeňiji GDA-nyň Ýaşlaryň işleri boýunça geňeşiniň mejlisinde yglan edildi.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Meýletinçiler hereketiniň ýyly Russiýanyň bu gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde meýletinçiligiň abraýyny ýokarlandyrmaga we bu gurama agza döwletleriň jemgyýetçilik guramalarynyň arasynda öňdebaryjy tejribäni alyşmagy ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir.
Maglumat çeşmesi: Orient.tm