Aralyň boýunda bal arylaryny ösdürip ýetişdirmek maksat edinilýär
Garagalpagystanda ozal Aral deňziniň eýelän ýerlerinde bal öndürmegi meýilleşdirýärler diýip, «Westnik Kawkaza» maglumat-seljeriş agentligi habar berýär.
Şeýlelikde, Aral deňziniň baly bu ugurda täze haryt nyşanyna öwrülip biler. Munuň üçin hünärmenler bal önümçiliginde ulanylýan tamariks ösümligini ösdürip ýetişdirerler.
«Biz eýýäm 2 müň gektardan gowrak meýdana tamariks ekdik. Bir gektar meýdandaky gülleýän tamariksden 50 kg bal öndürip boljakdygyny belläsim gelýär. Şonuň üçin şu ýyldan başlap Aral deňziniň guran düýbünde bal önümçiligini ösdüreris» diýip, Özbegistanyň Tokaý hojalygy milli gözleg institutynyň barlaghanasynyň başlygy, oba hojalyk ylymlarynyň doktory Zinowiý Nowiskiý «Aral sebitiniň hoşniýetli ilçileri» atly halkara ylmy-amaly maslahatynda eden çykyşynda belledi.
Tamariks – çägeli topraklary durnuklaşdyrmak üçin ulanylýan hemişe gök öwüsýän, duzlulyga çydamly ösümlik. Gülleýän döwründe şahalary gülgüne güller bilen örtülýär, şonuň üçin tamariks bezeg ösümligi hökmünde ösdürilýär.
Maglumat çeşmesi: Orient.tm