Belarus hususy operasion ulgamyny, brauzerini we ofis bukjasyny döretmegi maksat edinýär

Belarusda milli operasion ulgamy, hususy web-brauzeri we ofis programmalarynyň toplumyny döretmek maksat edinilýär. Munuň özi ýurduň sanly özygtyýarlylygyny üpjün etmek meýilnamasy esasynda göz öňünde tutulýar diýip, Respublikanyň aragatnaşyk we maglumat ministri Konstantin Şulgan aýtdy.

Bu maksatlar üçin Belarusyň IT işläp düzüjileri bilen hyzmatdaşlyk ýola goýlar.

Ministriň bellemegine görä, belarus programma üpjünçiliginiň işlenip düzülmegi möhüm mesele bolup, onuň çözgüdi importdan garaşsyzlygy üpjün eder.

 


Maglumat çeşmesi: Orient.tmx