Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy logistikada täze derejä çykýar

Türkmenistanyň ulag we logistika kompaniýalaryny birleşdirýän «Türkmen Logistika» assosiasiýasy bilen Amerikanyň «DAI Global LLC» kompaniýasy çarşenbe güni iki ýurduň kärhanalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny düzgünleşdirýän Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.

 

Resminamanyň çäginde taraplar logistika hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmakda, üpjünçilik zynjyrlaryny we halkara daşamalary gowulandyrmakda logistika pudagyna häzirki zaman sanly ulgamlary ornaşdyrmak üçin bilelikde iş alyp bararlar. Şeýle hem halkara hünärmenleriniň gatnaşmagynda iş maslahatlary we duşuşyklar, logistika pudagynyň hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin okuw kurslary we seminarlar geçirler.

 

Amerikanyň «DAI Global LLC» kompaniýasynyň, ugurlarynyň biri ulag we logistika pudaklarynda hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem Merkezi Aziýada ykdysady ösüşi çaltlaşdyrmak üçin sebitde söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak bolan USAID-iň Merkezi Aziýada Söwda Maksatnamasynyň (Söwda Merkezi Aziýa – TCA) durmuşa geçirilmegine gatnaşýandygyny bellemek gerek.

 

Häzirki wagtda «Türkmen Logistika» assosiasiýasy, CILT Next Generation – Ulag we Logistika pudagynda ýaş hünärmenleriň global jemgyýeti we WiLAT – Aýallar Logistikada we Ulagda ýaly taslamalara işjeň gatnaşýar. Bu maksatnamalar, logistika pudagyndaky ýaş hünärmenlere we aýallara hünär we kär goldawyny bermäge gönükdirilendir.