«Mac mini»: Täze nusga M4 çipi bilen çykar

«Apple» indiki ýylyň dowamynda kompýuterini täzelär.

 

«Apple» iň arzan «Mac mini» kompýuteriniň M3 nusgasyny çykarmagy dowam etdirmegi meýilleşdirmeýär. Bu barada kompaniýanyň işi barada habar berýän ygtybarly çeşme bolan «Bloombergiň» habarçysy Mark Gurman aýtdy.

 

Bar bolan maglumatlara görä, täze «Mac mini» modelleri neýron ulgamlary bilen has çalt işlemäge ukyply bolan M4 we M4 Pro ýaly has döwrebap çipler bilen çykar. Gurman kompýuterleriň 2024-nji ýylyň ahyrynda ýa-da 2025-nji ýylyň başynda satuwa çykaryljakdygyny belledi.

 

M2 we M2 Pro çipleri bolan häzirki «Mac mini» kompýuterleri 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda satuwa çykarylypdy.