Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi Guziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 24-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministriniň orunbasary G.Arweladzeniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler, olar söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, maýa goýum hyzmatdaşlygy, ulag-logistika we energetika infrastrukturasyny ösdürmek üçin bilelikdäki taslamalary mundan beýläk-de durmuşa geçirmek hem-de Türkmenistanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň arasynda göni aragatnaşyk saklamak üçin şertleri döretmegiň mümkinçiliklerine seretdiler.
Duşuşykda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň nobatdaky mejlisi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem Ilçi 2024-nji ýylda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýändigini aýdyp, G.Arweladza bu senä bagyşlanyp geçirilýän dabaraly çäreler barada gürrüň berdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar dostluk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklar iki ýurduň halklarynyň bähbidi üçin işjeň ösjekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyk dostlukly we ynanyşmak ýagdaýda geçdi.