Eýranyň Ýol we şäher ösüşi ministri Türkmenistana sapar bilen geler

 

Eýranyň Ýol we şäher ösüşi ministri Mehrdada Bazrpaş Türkmenistana sapar bilen geler.  Bu barada bu saparyň öňüsyrasynda ministrlikleriň we ykdysady guramalaryň gatnaşmagynda Tähranda bolup geçen türkmen-eýran bilelikdäki ykdysady komissiýasynyň 17-nji utgaşdyryjy mejlisi barada Eýranyň Mehr agentliginiň habarynda aýdylýar.

 

Duşuşygyň barşynda eýran-türkmen gatnaşyklary barada we iki ýurduň arasyndaky ozal baglaşylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.

 

Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky dört sany serhet geçelgesinden ikitaraplaýyn söwdanyň mümkinçiligine, serhetýaka hereketini ýeňilleşdirmek üçin mümkinçiliklere aýratyn üns berildi.

 

Mejlisde hödürlenen hasabatlara laýyklykda, Eýranyň Türkmenistana eksporty 741 müň tonna bolup, möçberi 321 million dollara deň boldy, Türkmenistandan alýan importy bolsa – 122 müň tonna bolup, möçberi 243 million dollara deň boldy.

 

Mundan başga-da, gün tertibinde üstaşyr geçirmek, nyrhnamalar, «ýaşyl» gümrük, Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky demir ýol, awtoulag, deňiz we howa daşamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.