Russiýada elektron talyp petekleri we hasaba alyş kitapçalary peýda bolar
25-nji aprelde Russiýada talyp peteklerini we hasaba alyş kitapçalaryny elektron görnüşine geçirmek boýunça synag çäresine badalga berler. Bu baradaky degilşi karara premýer-ministr Mihail Mişustin gol çekdi diýip, RF-iň Hökümetiniň metbugat gullugy habar berýär.
Synag 2025-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli dowam eder.
Resminamalar ilki elektron görnüşe geçiriler, soňra bolsa döwlet hyzmatlary portalynda şahsy otagda we QR-kod görnüşinde mobil goşundyda peýda bolar.
Ylym we ýokary bilim ministrligi, Sanly ösüş aragatnaşyk we köpçülikleýin kommunikasiýalar ministrligi, Ulag ministrligi, Medeniýet ministrligi, şeýle hem bilim we ylym ulgamynda Gözegçilik boýunça federal gullugy bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine jogapkär bellenildiler.
Elektron görnüşe geçilmegi okuwçylaryň adaty resminamalaryny aradan aýyrmaýar. Talyplar olardan islänlerini ulanyp bilerler.