Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky ilçisi Lombardiýada saparda boldy
Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekow Lombardiýa sebitinde iş saparyny geçirdi.
Saparyň dowamynda ilçi Lombardiýa sebitiniň gubernatory A.Fontana we wise-gubernator R.Kattanýe bilen duşuşdy. Duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky ýokary derejeli gatnaşyklary barada bellediler, şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ylmy-medeni ugurlarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin mundan beýläkki ädimler barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem saparyň çäginde Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi T.Kömekow bilen «ANCE»-iň prezidenti (Associazione Nazionale Costruttori Edili) Regina De Albertis bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk we gurluşyk pudagynda taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem Türkmenistanyň degişli kompaniýalarynyň arasynda tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň halkyna iň gowy arzuwlary aýtdylar.