Türkiýäniň Prezidentine türkmenistanly çagalar türkmen tahýasyny we dutar sowgat berdiler
Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Türkiýe Respublikasynda boldular. Olar Türkiýede her ýylyň 23-nji aprelinde bellenilýän Milli özygtyýarlylyk we çagalar güni mynasybetli geçirilen medeni çärelere gatnaşdylar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşi tarapyndan taýýarlanylan medeni maksatnama laýyklykda, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar doganlyk ýurduň Ankara we Stambul şäherlerinde geçirilen çärelere gatnaşdylar. Türkiýede guralan dabaraly çärelere gatnaşyjylaryň arasynda Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy döwletlerden gelen çagalaryň bardygyny bellemek gerek.
Aşgabadyň Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalary Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan kabul etdi. Olar türk topragynda mähirli kabul edilendikleri, çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin doganlyk ýurduň Liderine tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.
Çagalaryň türk dilinde okan goşgulary we çuňňur hoşallygyň nyşany hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynyň türk diline terjime edilen nusgasynyň Türkiýäniň Prezidentine sowgat berilmegi tolgundyryjy pursatlara öwrüldi. Aýratyn-da, Türkiýe Respublikasynyň Baştutany halkyň milli gymmatlyklary bolan türkmen tahýasyny we dutary özüne bildirilen hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini nygtap, munuň üçin türkmen çagalaryna hem-de olaryň üsti bilen Gahryman Arkadaga, Türkmenistanyň Prezidentine, doganlyk türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.