Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesi girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa milli kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça dürli pudaklara sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyny çaltlandyrmak, degişli kadalaşdyryjy hukuk binýadyny berkitmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hasabaty obasenagat toplumynda işleriň alnyp barlyşy hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada boldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow paýtagtymyzyň «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda gurulmagy meýilleşdirilýän täze bilim edaralary barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew hasabatynda «Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» bellenilen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzda halkara sergileri guramak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesowyň hasabaty 2023-2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy, «Soňky jaň» dabarasy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli guraljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada boldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň 24-nji maýynda Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisine taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna we ähli watandaşlarymyza ýüzlenip, 28-nji aprelde Diýarymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň giňden bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Türkmen halkynyň durmuşynda behişdi bedewlerimiz aýratyn orun eýeleýär. Wepadarlygy, owadanlygy, ýyndamlygy bilen halkymyzyň göz-guwanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiz köňül buýsanjymyzdyr. Biz ýurdumyzda atçylygy dünýä derejesinde ösdürmek ugrunda geljekde hem ähli şertleri dörederis diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we mejlise gatnaşyjylary hem-de ähli watandaşlarymyzy bu ajaýyp baýramçylyk bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdiler.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.