Türkmenistan we Gyrgyzystan iki ýurduň ýük daşaýjylary üçin ýeňillikleriň girizilmegini ara alyp maslahatlaşýarlar

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň, Gyrgyzystanyň DIM-niň we Gyrgyzystanyň ulag we kommunikasiýa ministrliginiň wekilleri iki ýurduň ýük daşaýjylary üçin ýeňillikli şertleri döretmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Taraplar üstaşyr ýük daşamalary babatynda hyzmatdaşlyga we ýük awtoulaglarynyň sürüjileri üçin wiza düzgüniniň kadalaşdyrylmagyna gyzyklanma bildirdiler – diýip, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň saýty habar berýär.

 

Türkmen-gyrgyz işewürlik duşuşygynyň barşynda wekiliýetler ikitaraplaýyn özara hyzmatdaşlygyň oňyn netijelerini nygtadylar we şunuň ýaly gepleşikleri mundan beýläk hem guramaklygyň gerekdigini bellediler.