Türkmenistanyň ilçisi “Özüňiz üçin Hytaýyň ajaýyp keşbini açyň” atly halkara çäresine gatnaşýar
Beýleki ýurtlaryň wekilleri bilen birlikde, Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew “Özüňiz üçin Hytaýyň ajaýyp keşbini açyň” halkara çäresiniň çäklerinde ýurduň gündogaryndaky Şandun welaýatynda bolýar.
Şandun welaýatynyň gubernatory Çžou Naýsýan bilen duşuşykda çykyş eden türkmen diplomaty bu myhmansöýer topragyň taryhy, ykdysady üstünlikleri we tebigy gözellikleri bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin Hytaýyň Medeniýet ministrligine we Şandun welaýatynyň Halk hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Parahat Durdyýew Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky taryhy gatnaşyklara, şeýle hem halkara ykdysady hyzmatdaşlyk üçin täze platforma hökmünde döredilen “Bir guşak, bir ýol” ählumumy başlangyjynyň çäklerindäki gatnaşyklara ünsi çekdi.
Şandun gadymy Hytaýyň beýik akyldary we filosofy Konfusiniň Watanydyr. Onuň baý döredijilik mirasy hytaý siwilizasiýasynyň ösüşine öz täsirini ýetirdi.
Şunuň bilen baglylykda, ilçi beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragy barada gürrüň berdi. Onuň döredijilik mirasy hem hemişelik Bitarap Türkmenistanyň häzirki syýasy filosofiýasyna çuňňur täsir etdi. Şu ýyl Türkmenistanda we daşary ýurtlarda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Edil Konfusiý ýaly, Magtymguly hem öz döredejiliginde parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga we dostlyga çagyrypdy.
“Bu bolsa aralarynda müňýyllyklar ýatan iki akyldaryň özboluşly umumylygydyr” – diýip ilçi aýtdy.