Türkmenistanyň Prezidenti gadymy Amul galasyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylary gutlady
Şu gün Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow bu halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara Gutlag iberdi.
"Türkmenistan" gazetinde çap edilen Gutlagynda döwlet Baştutany şeýle belleýär:
"Hormatly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesiniň» çäginde ýerleşen we özüne müňýyllyklaryň taryhyny siňdiren Amul galasynyň dünýäniň medeni ösüşindäki ornuny açyp görkezmekde hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde bu maslahatyň möhüm ähmiýeti bardyr.
Biziň umumadamzat medeniýetiniň baýlaşmagyna uly goşant goşan hem-de bütindünýä medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun alan maddy we ruhy gymmatlyklarymyz, belent ynsanperwer ýörelgelerimiz asyrlaryň dowamynda ösdürilip, kämilleşdirilip gelinýär. Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen medeniýeti adamzadyň geçmişine göz aýlamaga, halklaryň, medeniýetleriň özara gatnaşygyna düşünmäge hem-de olary ösdürmäge ýardam berýär. Türkmenistanyň çägindäki Garagum sährasynda, dag eteklerinde, jülgelerde, derýalaryň gadymy hanalarynyň ugrunda, gowaklarda, gonalgalarda duş gelýän medeniýetleriň galyndylary, taryhy şäherlerdir galalar, ýadygärlikler toplumlary — bularyň ählisi biziň ýurdumyzyň ylymlary we bilimleri, medeniýetleri hem-de sungatlary özünde jemleýän gadymy mekandygyny subut edýär.
Hormatly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar!
Türkmenistan ylym dünýäsinde, alymlarda, syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýän arheologik we binagärlik ýadygärliklerine örän baýdyr. Döreýiş taryhy müňýyllyklara uzaýan hem-de «Amurt», «Çarjuý», «Çagryjoýa» ýaly atlary göteren Amul galasy güneşli Diýarymyzyň örän gymmatly genji-hazynasydyr. Halyçylyk, mata dokamak, külalçylyk, zergärçilik, demir işlemek, aýna ýasamak ýaly senetçiligiň dürli görnüşleriniň, ylymlaryň we bilimleriň, medeniýetleriň hem sungatlaryň ösen Eftaly, Garahanly, Gaznaly, Seljukly ýaly onlarça döwletleriň zamanynda — Gündogaryň we Günbataryň köp ýurtlaryna, ülkelerine uzan Beýik Ýüpek ýolunyň guryýer hem-de suw gatnawlarynyň çatrygynda ýerleşen Amul iri şäherleriň birine öwrülipdir. Kaşaň köşkleri, kerwensaraýlary, bazarlary, kitaphanalary, metjitleri bilen şöhrata beslenen Merw, Gürgenç, Nusaý, Abiwerd, Dehistan, Sarahs ýaly, Amul şäheri hem orta asyrlarda iri ylym merkezi hökmünde bütin Gündogara meşhur bolup, onuň çäginde medeniýete, ylma, edebiýata, sungata ägirt uly goşant goşan şahsyýetler kemala gelipdir. Biziň kökleri müňýyllyklara uzaýan maddy we ruhy mirasymyz, taryhy-medeni ýadygärliklerimiz, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen baý medeniýetimiz bu gün halklary birek-birek bilen ýakynlaşdyrýan gymmatlyklar hökmünde örän uly ähmiýete eýe bolýar.
Gadyrly myhmanlar!
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hem-de Lebap welaýatynyň häkimliginiň bilelikde guramagynda geçirilýän bu halkara ylmy-amaly maslahatyň çäklerinde Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäheri bilen ýanaşyk ýerleşýän Amul galasyna syýahat edeniňizde, dünýä ülňülerine laýyk gelýän welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde saklanýan gymmatlyklar bilen tanşanyňyzda hem ýurdumyzyň taryhynyň hakyky sahypalaryny dikeltmek, gorap saklamak we öwrenmek ugrunda ägirt uly işleriň alnyp barylýandygyna göz ýetirersiňiz.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adamzadyň döreýiş zamanyndan biziň günlerimize çenli döwürleri öz içine alýan baý geçmişimizi, gadymy taryhy we medeni ýadygärliklerimizi öwrenmek, gorap saklamak, geljek nesillere ýetirmek boýunça dünýä döwletleri hem-de halkara guramalar bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirýäris. «Gadymy Merw», «Nusaý», «Köneürgenç» ýaly taryhy ýadygärliklerimiziň, Beýik Ýüpek ýolunyň Zerewşan — Garagum geçelgesiniň, «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarymyzyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi biziň ýurdumyzyň halkara medeni giňişlikdäki ornuny hem-de dünýädäki abraýyny has-da pugtalandyrýar. Biz geljekde-de taryhy-medeni ähmiýetli ýerlerimizi ebedileşdirmek, maddy we ruhy mirasymyzy gorap saklamak, baýlaşdyrmak, dostluga hem-de hoşniýetlilige ýugrulan milli ýörelgelerimizi dünýä jemgyýetçiligine giňden wagyz etmek boýunça zerur işleri alyp bararys.
Gadyrly myhmanlar!
Hormatly maslahata gatnaşyjylar!
Sizi «Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan durmuş, alyp barýan ylmy hem-de döredijilik işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin".