Tottenham»-«Arsenal», «Milan»-«Ýuwentus», «Porto»-«Sporting» – hepdäniň esasy duşuşyklary

Ýewropanyň milli ligalarynda möwsüm ahyrlap barýar. Käbir ýurtlarda çempion belli bolan ýolsa, käbirlerinde 2-3 tapgyrdan soň belli bolar. Möwsümiň ahyrlamagy bilen ähli ugurlarda – çempionlyk, Ýewrokuboklara gatnaşmaga ygtyýar almak hem-de ligada galmak ugrunda ýiti göreş dowam edýär. «Bundesligadyr» «Serie A»-dan soň, Ýewropanyň TOP 5 çempionatlarynyň ýene biri bolan «Ligue 1»-de şu hepdäniň ahyrynda çempionyň äşgär bolmagy mümkin. Şol sanda Portugaliýada-da «Sporting» nobatdaky çempionlygyny yglan edip biler.

Şu gün

Şu günki oýunlardan «Real Sosiedad» – «Real Madrid» duşuşygy esasy üns merkezde bolar. 00:00-da başlanjak oýna Ançelottiniň UEFA Çempionlar Ligasynyň duşuşygyny göz öňünde tutup, käbir esasy ýyldyzlaryny goýbermezligine garaşylýar.

Türkiýede-de çempionlyk ugrunda 2-nji ýerdäki «Fenerbahçe» toparyndan 4 utuk öňde barýan «Galatasaraý» myhmançylykda «Adana Demirspor» bilen duşuşar (22:00).

Şenbede

Şenbe gününde bolsa Angliýanyň «Premier Ligasynda» çempionlykdan azda-kände daşlaşan «Liwerpul» Londonda «West Ham» toparynyň myhmany bolar. Duşuşyk 16:30-da başlap, «Liwerpul» utulan ýagdaýynda olaryň çempionlyk ugrunda tamasy galmaz.

«Mançester Ýunaýted» «Býornli» bilen duşuşsa, agşamyň esasy oýnunda «Aston Willa» öz meýdançasynda «Çelsini» kabul eder.

Ispaniýada şenbe gününiň iň esasy oýny Madridde «Atletiko» bilen «Atletigiň» arasynda geçiriler. 00:00-da başlanjak oýnuň netijesi Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 4-nji kluby anyklar.

Fransiýada-da PSŽ öz meýdançasynda «Le Hawry» kabul edip, ýekşenbe gününde «Monakonyň» myhmançylykda «Liondan» utulmagyna garaşar. PSŽ ýeňiş gazanyp, «Monako» utulsa, onda parižliler şu möwsümde mümkin bolan 3 kubogyň ilkinjisini gazanarlar.  

Çempiony belli bolan «Serie A»-da «Milan» – «Ýuwentus», «Bundesligada» bolsa «Leipsig» – «Borussiýa Dortmund», «Bawariýa» – «Aýntraht», «Baýer» – «Ştutgart» duşuşyklary şenbe günüň öňe çykýan oýunlary hasaplanýar. Türkiýede-de, «Fenerbahçe» – «Beşiktaş» duşuşygyna garaşýanlaryň sany az däl.

Ýekşenbede

Ýekşenbe güni «Premier Ligada» Londonyň iň esasy derbisi, ýagny Demirgazyk London derbisinde «Tottenham» öz meýdançasynda sanawyň lideri «Arsenaly» kabul eder (18:00). Çempiony kesgitlejek klub bolan «Tottenham» galan tapgyrlarda-da «Mançester Siti» hem-de «Liwerpul» bilen hem duşuşar. Bu duşuşyklar çempiony kesgitlemek bilen bir hatarda, «Tottenhamyň» Ýewrokuboklaryna gatnaşyp-gatnaşmajakdygyny hem anyklar.

Soňky çempion «Mançester Siti» bolsa myhmançylykda «Nottingam Forest» bilen duşuşar (20:30) we bu duşuşyk bilen «Premier Liganyň» 35-nji tapgyry tamamlanar.

Ispaniýada Sewilýa şäheriniň derbisinde «Betis» öz meýdançasynda «Sewilýany» kabul eder. «Serie A»-da «Napoli» – «Roma» duşuşygy, Portugaliýada bolsa «Porto» – «Sporting» jübüdiniň oýny öňe saýlanýar.

Duşenbe gününde bolsa matematiki hasaplamalara görä, çempion bolmak mümkinçiligi bar bolan «Barselona» öz meýdançasynda «Walensiýa» bilen duşuşar.

26-njy aprel (anna)

Adana Demirspor – Galatasaraý (22:00)

Real Sosiedad – Real Madrid (00:00)

27-nji aprel (şenbe)

West Ham – Liwerpul (16:30)

Las Palmas – Žirona (17:00)

Bawariýa – Aýntraht (18:30)

Leipsig – Borussiýa Dortmund (18:30)

Mançester Ýunaýted – Býornli (19:00)

Fenerbahçe – Beşiktaş (21:00)

Ewerton – Brentford (21:30)

Baýer – Ştutgart (21:30)

Benfika – Braga (22:00)

Aston Willa – Çelsi (00:00)

PSŽ – Le Hawr (00:00)

Atletiko – Atletik (00:00)

28-nji aprel (ýekşenbe)

Inter – Torino (15:30)

Spartak – Lokomotiw (18:15)

Napoli – Roma (21:00)

Dinamo – Zenit (21:15)

Lion – Monako (22:00)

Marsel – Lans (00:00)

Porto – Sporting (00:30)

29-njy maý (duşenbe)

Barselona – Walensiýa (00:00)