Türkmenistan we Hytaý: medeni hyzmatdaşlyk çuňlaşdyrylýar
Türkmenistanyň Hytaýdaky ilçisi Parahat Durdyýew Şandunda medeni syýahatçylyk ulgamy boýunça ýokary derejede geçirilen maslahatda çykyş etdi. Maslahat Hytaýda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň agzalarynyň gatnaşmagynda «Özüňiz üçin Hytaýyň ajaýyp keşbini açyň» syýahatçylyk çäresiniň çäklerinde geçirildi.
Öz çykyşynda diplomat Türkmenistan bilen Hytaýyň medeni-ynsanperwer ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi. Parahat Durdyýew Şandun welaýaty bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyga aýratyn ünsi çekip, Türkmenistanyň we Hytaýyň Gündogar welaýatynyň köp ýyllaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça haryt söwdasyny amala aşyrandyklaryny hem-de bilim we tejribe alyşandyklaryny belledi.
2023-nji ýylda “Merkezi aziýanyň we Hytaýyň halklarynyň medeniýetiniň we sungatynyň ýylynyň” çäklerinde geçirilen çärelerde Şandun welaýaty hem tanyşdyryldy. Öz gezeginde, Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýyly giňden belleniler.
Şandun gaadymy Hytaýyň beýik akyldary we filosofy Konfusiniň Watanydyr. Onuň döredijilik mirasy hytaý medeniýetiniň ösmegine öz täsirni ýetirdi.
Hemişelik Bitarap Türkmeinstanyň häzirki syýasy filosofiýasyna Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy çuňňur täsrini ýetiridi. Şu ýyl şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilýär. Magtymguly hem Konfusiý ýaly, öz şygyrlarynda parahatçylyga, hoşniýetli goňşuçylyga we dostlyga çagyrypdy.
«Özüňiz üçin Hytaýyň ajaýyp keşbini açyň» syýahatçylyk çäresine gatnaşýan diplomatlaryň ilkinji topary hökmünde biz Şandun welaýatynda gazanan tejribämizi we özümizde galan täsirleri öz halklarymyzyň wekilleri bilen paýlaşarys», - diýip ilçi belledi.