2023-nji ýyldaky «Ýüpek ýoly» ralli-reýdi ähli ýurtlardaky çapyjylar üçin açykdyr

 

By ýyl «Ýüpek ýoly» ralli-reýdi bütin dünýäniň çapyjylary üçin açyk bolar. Gurnaýjylar ýüz tutmalary ýygnap başladylar we gatnaşyjylar bilen gepleşikleri geçirýärler – diýip, «Ýüpek ýoly» rallisiniň ýolbaşçysy Wladimir Çagin habar berdi.

 

«Biz ähli ýurtlardan çapyjylara garaşýarys, gatnaşyň, biz örän şat bolarys we myhmansöýerlik bilen garşy alarys. Biz eýýäm ýüz tutmalary alyp başladyk, gatnaşyjylar bilen gepleşikler geçirilýär, hemmelere garaşýarys», - diýip, Çagin aýtdy.

 

Ýaryşlar 2023-nji ýylyň 6-njy iýulyndan 15-nji iýulyna çenli geçiriler, onuň ugry Russiýa Federasiýasynyň 13 subýektiniň üstünden geçer.

 

«Ilkinji gezek ýaryşyň geçiriljek ugruna biziň owadan Ural daglarymyzda ýerleşýän sebitler, Orenburg oblasty, Çelýabinks girizildi. Biz gatnaşyjylara - hem russiýalylara, hem daşary ýurtlylara – biziň ýurdumyzyň täze, iň owadan çäklerini görkezeris, bu biziň taslamamyzyň esasy wezipeleriniň biridir» - diýip, Çagin belledi.

 

«Ýüpek ýoly» rallisi – ýokary çylşyrymlylyk derejesindäki awtoulag ýaryşydyr, ol 2009-njy ýyldan bäri geçirilýär. Ralli-reýdiň ugry Russiýanyň, Hytaýyň, Gazagystanyň, Mongoliýanyň, Türkmenistanyň çäklerinden geçipdi.