Halk Maslahatynyň Başlygy «Arkadag» futbol toparynyň türgenleşiklerini synlady
Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri saparynyň dowamynda Arkadag şäheriniň köpugurly stadionyna hem bardy. Gahryman Arkadag döwrebap stadionda «Arkadag» futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy hem-de olaryň türgenleşiklerini synlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» toparynyň futbolçylarynyň umumy ýagdaýy, olaryň maddy üpjünçiligi bilen gyzyklandy.
Şeýle-de Gahryman Arkadag döwletiň türkmen sportunyň mundan beýläk-de ösmegi, şol sanda ýurtda futbolyň dünýä derejesine çykmagy ugrunda ähli tagallalary etjekdigini belledi hem-de bu toparyň Türkmenistanyň çempionatynda ýeňiş gazanmagynyň ähmiýetli waka öwrülendigini aýtdy