Ilkinji gezek esasy düzümde oýnan Arda Güler «Real Madride» ýeňiş getirdi

Ispaniýanyň çempionaty «La Liganyň» 33-nji tapgyry «Real Sosiedad» – «Real Madrid» duşuşygy bilen açyldy. Çekeleşikli geçen oýunda «Real Madrid» ilkinji gezek esasy düzümde oýna çykan 19 ýaşly Arda Güleriň 29-njy minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykda «Real Sosiedadyň» 2 goly – 1-njisi goldan öň oýnuň düzgüni bozulandygy üçin, 2-njisi ofsaýt sebäpli VAR-yň görkezmesi boýunça hasaba alynmady. Şeýlelikde, 18 oýundan bäri ýeňilmän gelýän «Real Madrid» 2-nji ýerdäki «Barselona» bilen utuk aratapawudyny 14-e çykaryp, çempionlyga ýene bir ädim golaýlady.

Duşuşykda gol geçiren Arda Güler (19 ýaş 61 gün) braziliýaly Rodrigodan (18 ýaş 294 gün) soň «Realda» 21-nji asyrda esasy düzümde meýdança çykan ilkinji duşuşygynda tapawutlanan 2-nji iň ýaş futbolçy boldy.