S7 Airlines» ýylyň ahyryna çenli elektron awiaulgamy arkaly ýük daşamagynyň geografiýasyny giňelder
S7 Airlines» 2024-nji ýylyň ahyryna çenli «e-AWB» elektron awiaulgamynyň («Electronic Air Waybill» adynyň gysgaldylan görnüşi) üsti bilen ýük daşamagynyň geografiýasyny giňelder. Bu barada ýük daşaýjy kompaniýanyň metbugat gullugy «Logirusa» habar berdi. Mart aýynda kompaniýa şu tehnologiýany ulanyp ýükleriň 11 000-den gowrak toplumyny daşady. Häzirki wagtda «e-AWB» tehnologiýasyny «S7 Airlines» kompaniýasynyň howa menzilleriniň üçüsi — Domodedowo (Moskwa), Tolmaçewo (Nowosibirsk), we Irkutsk, galyberse-de, Wladiwostok, Krasnoýarsk, Tümen, Sankt-Peterburg, Ýekaterinburg, Mirnyý ýaly uçuş duralgalary ulanýar. — «Wladiwostok – Irkutsk» we «Nowosibirsk – Tümen» howa gatnawlarynda «e-AWB» tehnologiýasy arkaly ýük daşamagy resmileşdirmegiň derejesi 100 %-e ýetýär. Nowosibirsk bilen Wladiwostok, Nowosibirsk we Irkutsk aralygyndaky uçuşlarda resminamalaryň 80 %-den gowragy kagyz hasap-fakturalaryny ulanmazdan berilýär, Moskwadan Irkutskä uzaýan gatnawlarda bolsa 50 %-den gowragy — diýip, «S7 Airlines» kompaniýasynyň ýük daşamagy we ýerdäki üpjünçiligi guramak bölüminiň baş direktoryň orunbasary Nikita Fedorin aýtdy. — 2024-nji ýylda amallary giňeltmek meýilleşdirilýär. Taslamany bilelikde ösdürmek boýunça tassyknama eýýäm «Новапорт» howa menziliniň torunyň we howa menzilleriniň birnäçesiniň işini utgaşdyrýan «Sebitleriň howa menzilleri» holdinginiň ýolbaşçylaryndan alyndy. 2021-nji ýylyň oktýabrynda içerki uçuşlarda elektron ulgamy girizen «S7 Airlines» Russiýanyň şeýle tehnologiýa boýunça yzygiderli ýük daşamaga başlan ilkinji awiakompaniýasy boldy. Aýratynlykdaky gatnawlarda «e-AWB» tehnologiýasynyň ornaşdyrylmagy ýük daşamakda resminamalaryň bukjalarynyň toplumyny onlaýn görnüşde resmileşdirmäge kömek etdi.