BAE-de taryhda ilkinji gezek awtonom bolidleriň ýaryşy geçiriler
27-nji aprelde Abu-Dabidäki bäş kilometrlik Ýas-Marina döwrebap awtomobil ýolunda taryhda ilkinji gezek awtonom bolidleriň Abu-Dhabi Autonomous Raсing League (A2RL) ýaryşy geçiriler.
A2RL ýaryşynda däp bolan “Formula-1” ýaryşyndan tapawutlylykda, bolidlerde pilotyň wezipesini emeli intellektli kompýuter ýerine ýetirýär.
Ýaryşlar birmeňzeş awtonom tehnologiýalar bilen üpjün edilen Dallara Super Formula SF23 awtoulaglarynda geçiriler.
Bolidler Honda we Toyota turba hereketlendirijiler bilen üpjün edilendir. Munuň özi olara sagatda 300 kilometre çenli tizlige ýetmäge mümkinçilik berýär. Awtoulaglar jemi 16 aýlaw geçerler we aýlawlaryň hersinde 16 çylşyrymly öwrümler bar.
Trassadaky ýagdaýyň gözegçiligi skanerler, radarlar, lidarlar, ultrases, datçikler we giroskoplar toplumy arkaly amala aşyrylar.
ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, BAE-niň, Wengriýanyň, Italiýanyň, Singapuryň we Şweýsariýanyň toparlary gatnaşar.
Ýaryşyň baýrak gaznasy - 2,25 million dollar.