ВAE-de «Dubai Reefs» açyldy
26-njy aprelde Birleşen Arap Emirlikleriniň mirasdüşer şazadasy Hamdan ben Muhammet al-Maktum hem-de amerikaly maýadar Reý Dalio tarapyndan deňiz giňişligini gorap saklamak barada uly başlangyçlaryň biri hasaplanýan «Dubai Reefs» açyldy.
AZERTAJ-yň habar bermegine görä, «Dubai Can» başlangyjy bilen döredilen «emeli rif adalary» 600 inedördül metrden gowrak meýdany tutýar, bu bolsa 85 müň futbol meýdançasyna deňdir.
Şeýh Hamdan suw astyna çümmekde ýatdan çykmajak şatlyk duýgularyny özüniň resmi «Instagram» sahypasynda paýlaşdy.
«Bu taslama Dubaýyň durnukly ösüşe ygrarlydygyny görkezýär we global daşky gurşaw taslamalary üçin görelde bolup durýar» diýip, Dubaýyň mirasdüşer şazadasy aýtdy.
«Dubai Reefs» başlangyjynyň çäginde 20 müň «emeli rif» modulyny oturtmak arkaly 400 müň kub metrden gowrak «rif adalary» dörediler. Taslama 2024-nji we 2027-nji ýyllar aralygynda dört tapgyrda durmuşa geçiriler.
«Dubai Reefs» deňiz biodürlüligi, Ýer togalagynyň saglygy we ykdysady taýdan gülläp ösmek üçin köp peýdalary wada berýär» diýip, Şeýh Hamdan sözüniň üstüne goşdy.
Taslamanyň esasy aýratynlygy täzeden gurulýan deňiz oba hojalygy, ekologiýa taýdan arassa azyk önümçilik tehnologiýasy bolar. Bellenilişi ýaly, bu deňiz derejesiniň ýokarlanmagy töwekgelçiligi bolan beýleki kenarýaka şäherler ýaly Dubaý üçin hem ähmiýetlidir.
«Dubai Reefs» taslamasynyň işläp düzüjileriniň pikirine görä, bu taslama Dubaýy deňiz we gury ýer taýdan sazlaşykly ösmegine ýardam berip, ekologiýa taýdan amatly ýere öwürer. Beýleki kenarýaka şäherleriň hem bu başlangyjy kabul etmegine garaşylýar.