Arkadag şäher häkimligi Aşgabat — Gökdepe ýolunda gurluşyk-gurnama işleriniň başlandygyny habar berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň degişli bildirişi «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi. Bildirişde şeýle bellenilýär:
«Arkadag şäheriniň binagärlik şäher gurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ýollaryň durkuny täzeläp, raýatlara we ýolagçylara has amatly, döwrebap şertleri döretmek üçin, Köpetdag şaýolunyň «Polatly» binasy bilen «Akhan» binasynyň aralygyndaky ýol böleginde, şeýle-de Aşgabat — Gökdepe aralygyndaky gatnawly ýolda gurluşyk-gurnama işlerini geçirmek zerurlygy ýüze çykýar.
2024-nji ýylyň 29-njy aprelinden başlap, gurluşyk-gurnama işleri tamamlanýança, ýokarda görkezilen ýollarda gatnawlaryň wagtlaýyn çäklendirilýändigini habar berýäris. Raýatlaryň bähbidine gönükdirilen bejeriş abatlaýyş işleriniň geçirilmegi, ýollaryň durkunyň düýpli abadanlaşdyrylmagy ýolagçylar üçin ählitaraplaýyn amatlyklary döreder».