Gresiýada Parižde-2024 Olimpiýa oýunlaryny guraýjylara Olimpiýa alawyny geçirmek dabarasy boldy
Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna üç aý galanda Afina şäheriniň “Panatinaikos” stadionynda Oýunlary guraýjylara Olimpiýa alawyny geçirmek dabarasy boldy.
2024-nji ýylda Parižde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçysy Toni Estanga Olimpiýa alawyny Gresiýanyň Milli olimpiýa komitetiniň prezidenti Spiros Kapralos geçirdi.
Täze taryhda ilkinji gezek 1896-njy ýylda Olimpiýa oýunlary geçirilen “Panatinaikos” stadionyna alawy grek ýeňil atletikaçysy Antigoni Drisbioti getirdi, soňky fakel göterijiler bolsa, Gresiýanyň polo boýunça milli ýygyndy toparynyň kapitany Ýannis Fundulis we onuň topar boýunça ýoldaşlary boldy.
Dabara birnäçe müň adam gatnaşdy.
Halkara Olimipiýa komitetiniň saýtynda bellenilişi ýaly, Fransiýa Olimpiýa alawy “Belen” gämisine getiriler. Alawy Lasko gowagyna, Aleziýada geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işlerine, Karkasson orta asyr şäherine, Wersal köşgüne we beýleki ýerlere aýlarlar. Ony şeýle hem meşhur Mon-Sen-Mişel adasyna, Luar galalaryna we beýleki meşhur ýerlerine aýlarlar.
Olimpiadanyň açylyş dabarasy 26-njy iýulda Parižde geçiriler.