Finlýandiýada emeli aň tarapyndan döredilen kofe garyndysy satylyp başlandy
Finlýandiýa emeli aň (EA) tarapyndan döredilen kofe garyndysyny satyp başlady.
Kofe gowurmak we kofe garyndylaryny satmak bilen ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň biriniň eýesi emeli aňa täze tagam tapmagyny tabşyrdy. Emeli aň bar bolan kofe görnüşleriniň aýratynlyklaryny we tagamlarynyň beýanyny çykaryp berdi.
Emeli aň dört dürli kofe dänesini garyşdyrmak kararyna geldi (köplenç hünärmenler aýratyn tagamlary tapawutlandyrmak üçin iki-üç zady birleşdirýärler). Emeli aň Braziliýadan, Kolumbiýadan, Efiopiýadan we Gwatemaladan kofe dänesiniň garyndysyny saýlady.
Kofe garyndysy taýýar bolandan soň, içgini synamak üçin hünärmenlere berildi. Hünärmenler kofe garyndysynyň ýokary hillidigini aýdyp, adamlar üçin onuň düzümine üýtgeşme girizmegiň zerurlygynyň ýokdugy bilen ylalaşdylar.
Maglumat hökmünde bellesek, Finlýandiýa kofe sarp etmek boýunça dünýäde öňdebaryjydyr. Ýurduň ortaça ýaşaýjysy ýylda 12 kilogram kofe içýär.