Merdan Ataýew Kuala-Lumpurda geçen suwda ýüzmek boýunça halkara ýaryşynyň bürünç medallarynyň ikisine eýe boldy

25 — 28-nji aprel aralygynda Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde suwda ýüzmek boýunça geçirilen halkara ýaryşda Türkmenistanyň ýygyndy topary netijeli çykyş etdi. Munuň Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa oýunlarynyň saýlama ýaryşlarynyň biridigini bellemek gerek. Şol sebäpden hem, halkara ýaryş türgenleriň olimpiýa utuklaryny toplamagynda uly ähmiýete eýe boldy.

Türkmenistanyň suwda ýüzmek boýunça ýygyndy toparynyň türgeni, Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 14-nji sport mekdebiniň tälimçisi Merdan Ataýew 50 metr aralyga arkanlygyna ýüzmek boýunça guralan ýaryşy bürünç medal bilen jemledi. Zehinli türkmen türgeni suwda ýüzmegiň şol görnüşinden 100 metr aralyga ýaýbaňlandyrylan bäsleşikde hem hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykmagyň hötdesinden geldi. Şeýlelikde, ildeşimiz abraýly ýaryşyň bürürnç medallaryň ikisini eýeledi.

Halkara derejesindäki saýlama ýaryşa 10-dan gowrak döwletiň 20-den gowrak klubundan 100-e golaý türgen gatnaşdy. Türkmen ýygyndysyna bolsa iki tälimçiniň ýolbaşçylygyndaky 14 türgen wekilçilik etdi.

 

Bu ýaryşda ildeşimiz Dawid Akopýan 200 hem-de 400 metr aralyklara toplumlaýyn ýüzmek boýunça Türkmenistanyň rekordlaryny täzelemegi başardy.