Rigada jemgyýetçilik ulaglarynda mugt syýahat etmek üçin «Gar bileti» giriziler
Rigada indi ulagsöýüjiler daşarda gar tupany bolanda awtobuslara we beýleki jemgyýetçilik ulaglaryna mugt münüp bilerler. Bu başlangyja «Gar petegi» diýlip at berildi.
Petek almak üçin ýörite zerurlyk ýok. Jemgyýetçilik ulaglaryna mugt münmek hukugyny almak üçin sürüji köplenç awtoulagynda bolýan resminamalardan birini görkezmeli, mysal üçin hasaba alyş şahadatnamasy. Bu eýesiniň hakykatdanam awtoulagy duralgada goýandygyny we häzirki wagtda hiç kimiň sürmeýändigini kepillendirýär.
Şäher häkimligi aprel aýynyň ortalarynda şähere güýçli gar ýagandan soň «Gar peteklerini» girizmek kararyna geldi. Awtoulag eýeleriniň köpüsi eýýäm ulaglarynyň tekerlerini tomusky tekerlere öwürdi. Olaryň ýolda peýda bolmagy awtoheläkçiligini döredip ýa-da gar aýyrýan enjamlaryň işine çynlakaý päsgel berip biler.