Gözellik bäsleşiginde ilkinji gezek 60 ýaşyndaky zenan ýeňiji boldy

Şu günler Buenos Aýresde geçirilýän «Älem gözeli» gözellik bäsleşiginde, şeýle bäsleşikleriň taryhynda ilkinji gezek Alehandra Rodriges atly 60 ýaşly zenan ýeňiji boldy. Ýeňiji özünden has juwan, 34 ýaşly dalaşgäri ýeňdi. Ýeňiji täjini geýen zenan indi bäsleşigiň 25-nji maýda geçiriljek milli tapgyryna has-da hyjuw bilen taýýarlanýar.

Geçen ýyl diňe 18-28 ýaş aralygyndaky zenanlara bäsleşige gatnaşmaga rugsat berildi. Şeýle-de bolsa, geçen ýylda ýaş çäklendirmeleriniň bolmazlygy yglan edildi.

 

Alehandra aklawçy we žurnalist bolup işleýär. Şol bir wagtda özüne 60 ýaşda hem ajaýyp görünmäge mümkinçilik berýän sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barýar.

Alehandra Rodriges stereotipleri bozmagy gowy görýär we ähli aýal-gyzlary islendik ýaşda öz gözelligine ynanmaga çagyrýar.

«Gözellik bäsleşiklerinde täze bir ýönelişe wekilçilik edendigime begenýärin, sebäbi biz täze tapgyry açýarys. Onda zenan diňe bir beden gözelligi däl, eýsem-de bolsa dürli gymmatlyklary bilen orta çykýar. Eminler meniň ynamymy we hyjuwymy gördüler öýdýärin» diýip, Alehandra öz ýeňşi barada teswir berdi.