Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gämi gurluşyk zawodlary hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Gämileri gurýan we gämileri abatlaýan «Balkan» zawodynyň wekilleri we Bakuwyň gami gurluşyk zawodynyň wekilleri Türkmenbaşy şäherinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Duşuşykda taraplar iki kärhananyň hem mümkinçilikleri bilen tanyş boldular – olaryň gurluşy, alyp barýan işleri we beýleki zawodlar bilen hyzmatdaşlygy baradaky maglumat bilen tanyşdylar. Iki ýurduň gämi gurluşyk ulgamynyň ösüş tejribesine we tejribe alyşmak üçin mümkinçiliklere uly üns berildi.

 

Bakuwyň gämi gurluşyk zawodynyň wekilleri türkmen kärhanasynyň önümçilik meýdançalaryna baryp gördüler, onuň infrastrukturasy, tehnikasy we enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdylar.

 

Saparyň ahyrynda azerbaýjan tarapynyň ýakyn wagtda gämi gurluşygy babatynda özara gatnaşyklary ýola goýmak üçin mundan beýläkki hyzmadaşlygyň ugurlary boýunça anyk teklipleri ugratjakdygy barada ylalaşyk gazanyldy.

 

Gämi gurluşygy babatynda iki ýurduň gämi gurluşygy zawodlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselesi ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek boýunça bilelikdäki Türkmen-azerbaýjan hökümetara komissiýasynyň soňky mejlisiniň teswirnamasy tarapyndan göz öňüne tutulandyr.