Türkmen tennisçileri Duşenbäniň açyk çempionatynda kümüş medallara eýe boldular

Türkmen tennisçileri Täjigistanyň paýtagtynda geçirilen 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Duşenbäniň açyk çempionatynda — «Open Dushenbe Championship U14» ýaryşynda üç görnüş boýunça kümüş medallary gazandylar.

Ýaryşa Merkezi Aziýa döwletleriniň bäşisinden, şeýle hem Belarusdan, Russiýadan we Kanadadan oglan-gyzlaryň 88-si gatnaşdy. Özi-de soňky üç ýurduň her birine bir tennisçi wekilçilik etdi.

13 ýaşly ildeşimiz Emirhan Rustamow toparymyza iki kümüş medal getirdi. Aşgabat şäherindäki 12-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy ilki ýekelikde, soňra Aşgabat şäherindäki 86-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy 12 ýaşly Süleýman Hudaýberdiýew bilen bilelikde şeýle üstünlige ýetdi.

Aşgabat şäherindäki 87-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy 11 ýaşly Näzli Hudaýgulyýewa bolsa Gazagystandan Kseniýa Semýonowa bilen bilelikde çykyş edip, Türkmenistanyň toparyna nobatdaky kümüş medaly getirdi.

Näzli Hudaýgulyýewa Mälik Mämmetgulyýewden, Süleýman Hudaýberdiýew Aşgabadyň 11-nji toplumlaýyn sport mekdebinde zähmet çekýän Gurbanberdi Gurbanberdiýewden, Emirhan Rustamow bolsa «Aşgabat» tennis akademiýasynda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Mirali Gasanowdan tälim alýarlar.

Golaýda gysga wagtlyk sapar bilen Türkmenistana gelen Aziýanyň tennis federasiýasynyň (ATF) wekili Ýuriý Polskiý milli Tennis federasiýasynyň işine ýokary baha berdi. Ol 12-ä çenli çagalaryň arasyndaky Merkezi Aziýanyň birinjiliginde türkmenistanly oglanjyklar toparynyň gowy netije görkezendigini tassyklady.