Döwletjan Ýagşymyradowyň nobatdaky garşydaşy belli boldy

Söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşiniň türkmen ussady Döwletjan Ýagşymyradowyň PFL-iň regulýar möwsümindäki nobatdaky garşydaşy kesgitlendi.   

Şeýlelikde, PFL-iň regulýar möwsüminde ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradowyň indiki garşydaşy kamerunly Saýmon Biýong bolar.

Ýeri gelende bellesek, şu ýyl 35 ýaşyny doldurýan ildeşimiziň söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi boýunça professional karýerasy 22 ýeňişden ybarat. 7 gezek oktagondan armanly dolanan Döwletjan geçiren duşuşyklarynyň birini deňlikde tamamlady.  

Kamerunly Saýmon Biýongyň hasabynda bolsa 9 ýeňiş bar. 33 ýaşly urşujy 4 gezek ýeňlişe sezewar boldy.

Türkmen türgeniniň boýy 180 santimetr bolsa, onuň garşydaşynyňky 196 santimetre barabardyr.

Döwletjan Ýagşymyradowyň PFL-däki ahyrky duşuşygynda sloweniýaly Jeýkob Nedony nokaut etmegiň hötdesinden gelendigini ýatladýarys.