Fransuz speleologlary Köýtendagyň gowaklaryna syýahat etdiler

Fransiýanyň Speleologiýa Federasiýasynyň speleologlary ýurdumyzyň gözel we gaýtalanmajak künjekleriniň biri bolan Köýtendagyň meşhur gowaklaryna syýahat etdiler. Bu barada Aşgabatdaky Fransuz instituty habar berdi.

Speleologlar syýahatda tebigy gowaklaryň ekologiki ulgamlaryny we emele gelmeginiň sebäplerini öwrendiler. Talyplar gowak gözlegindäki bilimlerini täzeläp, fransuz hünärmenleriniň şahsy tejribelerine esaslanyp, köp täze maglumatlary alyp bilerler.

1-nji maýda fransuz speleologlary bu syýahat barada talyplaryň öňünde çykyş ederler.

Dabara Aşgabatdaky Fransuz institutynda şol gün sagat 18:30-da başlanýar. Çykyşlar fransuz dilinde geçiriler. Giriş tölegsiz.