Türkiýäniň sanly nomad visa meýdançasy elektron görnüşde ýola goýuldy
Dünýäniň ösen syýahatçylyk merkezleriniñ biri bolan Türkiýe häzirki wagtda sanly çarwalaryň gaçybatalgasyna öwrülýär.
Türkiýä wiza almaga isleg bildirýän sanly çarwalar, Digital Nomad GoTürkiye web-saýty arkaly anketany dolduryp, deslapky ýüz tutmalary añsatlyk bilen amala aşyryp bilerler. Bu platformadaky talaplar talabalaýyk ýerine ýetirilenden soň sanly çarwalara “Sanly çarwa şahsyýetini tassyklaýyş şahadatnamasy” berilýär. Şahadatnama eýe bolan sanly çarwalar, türk konsullyklarynda we / ýa-da wiza merkezlerinde amallaryny dowam etdirip bilerler.
Türkiýede kim sanly çarwa bolup biler?
21-55 ýaş aralygyndaky Fransiýanyñ, Germaniýanyñ, Italiýanyñ, Belgiýanyñ, Gollandiýanyñ, Lýuksemburgyñ, Irlandiýanyñ, Daniýanyñ, Gresiýanyñ, Horwatiýanyñ, Ispaniýanyñ, Portugaliýanyñ, Awstriýanyñ, Finlýandiýanyñ, Şwesiýanyñ, Çehiýanyñ, Wengriýanyñ, Polşanyñ, Sloweniýanyñ, Slowakiýanyñ, Estoniýanyñ, Latwiýanyñ, Litwanyñ, Maltanyñ, Bolgariýanyñ, Rumyniýanyñ, Norwegiýanyñ, Islandiýanyñ, Lihtenşteýnyñ, Angliýanyñ, Şweýsariýanyñ, ABŞ-nyñ, Kanadanyñ, Russiýa Federasiýasynyñ, Ukrainanyñ we Belarussiýanyñ raýatlary Türkiýede sanly çarwa wizasy üçin ýüz tutup bilerler.
Sanly çarwa şahsyýetini tassyklaýyş şahadatnamany almak üçin platformada hasaba alnandan soň aşakda görkezilen resminamalary ýüklemeli:
Türkiýä gelen gününden başlap möhleti azyndan 6 aý bolan resminama/pasport;
Ýokary bilim hakynda diplomy ýa-da diplomyň ornuny tutýan resminama;
Ýüz tutýan tarapyñ Sanly Çarwa bolup zähmet çekýändigini görkezýän resminama:
a) Bir kompaniýada (Türkiýedäki kärhanalardan daşary) işleýän bolsa şertnamasy ýa-da;
b) Eger-de özbaşdak işleýän bolsa (freelance) ýüz tutýan bilen kompaniýanyň baglaşan zähmet şertnamasy (Türkiýedäki kärhanalardan daşary);
Biometrik surat;
Ýüz tutýanyñ 3000 ABŞ dollaryna barabar bolan aýlyk girdejisini ýa-da 36.000 ABŞ dollarlyk ýyllyk girdejisini tassyklaýan resminama. Türkiye - sanly çarwalara zerur bolan ähli zatlary hödürleýär
Özüniñ ygtybarly tehnologiýa infrastrukturasy, geografik taýdan örän amatly we añsat tapyp boljak ýerde ýerleşişi, ösen sanly bank we töleg ulgamlary bilen Türkiýe, soňky ýyllarda sanly çarwalar üçin meşhur ýere öwrüldi. “Digital Nomad” wizasy bilen bu ýere gelýänler Türkiýede galmak möhletini uzaldyp, onuñ uly şäherlerinde ýokary tizlikli internetden we öýjükli aragatnaşykdan peýdalanmak bilen, ýurduň ajaýyp gözelliklerinden lezzet alyp bilerler.
Stambul - gujurly metropolis
Dürli medeniýetleriñ mesgeni bolup durýan Stambul şäheri, diňe bir müňlerçe ýyllyk siwilizasiýalaryň kesişýän taryhy ýeri däl-de, şol bir wagtyň özünde iri kompaniýalara we kiçi kärhanalara eýe bolan işewürlik merkezi bolup durýar. Dünýäniň islendik ýerinden gönüden-göni uçuşlar arkaly aňsatlyk bilen baryp bolýan bu şäher, ulag ınfrastrukturasy, dürli ýaşaýyş görnüşleri (kireýne öýleri, umumy ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalary), ýumşak howasy we döwrebap iş ugurlary bilen dürli hünärmenleriň we myhmanlaryň isleglerini kanagatlandyrýar. Stambulyñ kafelerinde we seýilgählerinde mugt Wi-Fi simsiz tora baglanyp ýa-da şäheriň dürli künjeklerinde işleýän co-working ofislerinde uzakdan işleýän wagtyňyz ajaýyp görnüşden lezzet alyp bilersiňiz.
İzmir - taryhyň we döwrebaplygyň sazlaşykly utgaşmasy “Lonely Planet” tarapyndan 2024-nji ýylyñ syýahat etmek baradaky tertipnamasyndaky ýerleriniñ biri bolan İzmir, sanly çarwalaryň isleglerine jogap berýän uly we rahat şäherdir. Dürli ýaşaýyş jaýlary, deňiz ýakasyndaky ajaýyp ýerleşişi, Egeý aşhanasy, taryhy we häzirki zaman medeniýetini utgaşdyrýan gurluşy şäheriň tapawutly aýratynlyklaryndan biridir. Şäheriñ haýsy künjeginde bolsañyz hem islendik kafede işlemegi dowam etdirip bilersiñiz, arakesmede bolsa Egeýiň mawy arassa suwlarynda dynç alyp bilersiňiz. Ortaýer we Egeý deňizleriniň çatrygynda ýerleşýän Mugla we türk riwýerasynyň kalby hasaplanýan Antalýa hem sanly çarwalaryñ göwünsöýen ýerleri bolup durýar.