Günorta Koreýada «iPhone» ulanmak gadagan ediler
Günorta Koreýada «iPhone» ulanmak gadagan ediler. Bu gadaganlyk entek resmi taýdan güýje girmedi, ýöne Günorta Koreýanyň häkimiýetleri ýakyn wagtda düzgüni doly işe girizer. «Tengri Life»-yň «Korea Herald»-a salgylanyp, berýän maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, harby gurluşlarda işleýän raýatlaryň käbir bölümlerine bu telefon görnüşini ulanmak gadagan ediler.
Günorta Koreýanyň goşuny gizlin maglumatlaryň ýaýrama ähtimallygy bilen baglanyşykly aladalar sebäpli, döwlet edaralarynda «iPhone» ulanylmagyny doly gadagan etmegi göz öňünde tutýar. Maglumatlara görä, Günorta Koreýanyň goşunynda bu görnüşli telefonyň gadagan edilmegi baradaky karary guryýer, deňiz we howa güýçleriniň baş edarasy tarapyndan geçirilen bilelikdäki ýygnakda kabul edildi.
Munuň sebäbi, «Apple» telefonlarynyň kamerasyndan başga funksiýalaryna, özünde ornaşdyrylandan başga hiç bir programma bilen gözegçilik etmäge rugsat berilmeýär. Ýagny, Günorta Koreýanyň häkimýeti ulanyjylaryň telefonlaryda Wi-Fi, torlara birikme, USB bikirme we mikrofonlara birikme mümkinçiliklerini çäklendirip bilmeýärler. Şeýle-de, gadagan edilen enjamlara akylly sagatlar hem girýär.
Bu düzgün diňe «Apple» enjamlaryna degişli bolup, çäklendirmeler «Samsung» ýaly «Android» enjamlaryna degişli däl. Bu bolsa «Android»-yň sazlamalary islendik görnüşde üýtgedip bolýandygy bilen baglanyşyklydyr.