Türkmenistan bilen Owganystan Turgundy şäherinde Bilelikdäki logistika merkezini döretmegi meýilleşdirýär
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň we Owganystanyň söwda-senagat ministri Nuriddin Aziziniň ýolbaşçylygyndaky türkmen-owgan gepleşikleri şu ýylyň 26-njy aprelinde Kabulda geçirildi.
"Türkmendemirýollary" agentliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda iki ýurduň strategik ýerleşişine laýyklykda, üstaşyr ugradylýan owgan eksport harytlaryna ýeňillikli nyrhlary ulanmak, mermer, hek daşy, sement we beýleki mineral serişdeleriň Owganystandan eksportyny artdyrmak, iki ýurduň arasyndaky söwda hyzmatdaşlygyny ýokarlandyrmak, Owganystanyň, Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasynda üçtaraplaýyn üstaşyr-ulag şertnamalaryny baglaşmak, Turgundy şäherinde Bilelikdäki logistika merkezini döretmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem taraplar Owganystanda demir ýol infrastrukturasyny ösdürmek, Türkmenistandan Owganystana nebit we gaz iberilmegine ýardam bermek, Owganystanyň eksport we üstaşyr harytlarynyň karantin meselesini döwrebaplaşdyrmak, ulag we tranzit çykdajylaryny azaltmak, ýurtlaryň arasynda bankara gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Kabulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň, Owganystanyň söwda-senagat ministri Nuriddin Aziziniň we Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary Serik Jumangariniň arasynda üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Onda bilelikdäki ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek barada ylalaşyk gazanyldy.