Türkmen wekiliýeti BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşdy
29-30-njy aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilen BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisine gatnaşýar.
Bu mejlisiň mowzugy «Ilat we ösüş boýunça halkara konferensiýanyň Hereket meýilnamasy we onuň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibine goşandy» diýlip atlandyryldy.
Mejlis bilen ugurdaşlykda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Baş sekretarynyň başlangyjy bilen, 29-njy aprelde BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ilat we ösüş konferensiýasynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan umumy mejlis geçirildi. Umumy mejlisde çykyş eden Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa degişli ugurlarda Ählumumy Hereket meýilnamasynda görkezilen maksatlara we wezipelere ýetmekde gazanylan milli tejribe bilen tanyşdyrdy. Şeýle-de ýurduň milli tejribesi we ilat pudagynda gazanylan üstünlikler hem halkara jemgyýetçiligiň dykgatyna hödürlenildi hem-de sebitde we dünýä derejesinde bu ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin birnäçe teklipler öňe sürüldi.
BMG-niň Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň 57-nji mejlisiniň çäginde 29-njy aprelde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «IÖBHK+30 ýagdaýlaryny öňe sürmek: milli tejribeler we öňe ilerlemegiň ýollary» atly ugurdaş çäre guraldy. Bu çäräniň esasy maksady Ilat we ösüş boýunça komissiýasynyň borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň we howandarlyga mätäç çagalaryň durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmakda milli tejribeleriň alyşmagyň möhümdigini görkezmekden ybarat boldy. Oňa UNFPA-nyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory Florens Bauer, ÝUNISEF-iň Çagalary goramak bölüminiň müdiri Şima Sen Gupta, BMG-ä agza ýurtlarynyň hemişelik wekilleri we bilermenler gatnaşdylar.
Türkmen wekiliýetiniň wekilleri bu çärede çykyş edip, BMG-niň Ilat we ösüş komissiýasynyň yzygiderli üç möhlet agzasy bolmak bilen, Türkmenistanyň IÖBHK-iň Hereketler meýilnamasyny milli derejede durmuşa geçirmekde möhüm öňegidişlik gazanandygyny, bellediler.
Türkmen wekiliýetiniň agzalary 2022 – 2028-nji ýyllarda ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäginde halkara ülňülerine laýyk gelýän durmuş ähmiýetli desgalary gurmak boýunça tutuş ýurt möçberinde alnyp barylýan işler barada çykyş etdiler.
Çykyş edenler ýurtda üstünlikli durmuşa ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine ünsi çekip, 2021-nji ýylyň mart aýynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri barada durup geçdiler. Bellenilişi ýaly, gaznanyň çylşyrymly lukmançylyk amallaryny maliýeleşdirmekden we hassahanalar üçin ýokary tehnologiýaly enjamlary satyn almakdan başlap, çagalarda duşýan dürli keselleri bejeriş we öňüni alyş çäreleri üçin anyklaýyş we bejeriş amallaryny bermek ýaly köp ugurlary öz içine alýar. Mundan başga-da, soňky ýyllarda bu gazna birnäçe halkara ynsanperwerlik çärelerine hem gatnaşdy.