Ynsanperwer ulgamda gatnaşyklar ösdürilýär
Şu günler Aşgabatda okuw maslahaty geçirilýär. Oňa Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň (TGÝMJ) hem-de Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň wekilleri gatnaşýarlar.
Okuw maslahatynyň çäklerinde birnäçe mejlisler geçiriler. Olaryň birinjisi nagt-wauçer kömeginiň (NWK) maksatnamasy barada umumy düşünjeleriň tanyşdyrylyşyna, beýleki ýurtlaryň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň hereketleriniň meýilnamalary bilen tanyşdyrylyşyna bagyşlanar.
Alnyp barylýan bilelikdäki işler Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetine bar bolan mümkinçiliklerden doly peýdalanmaga, Jemgyýetiň işgärleriniň hem-de meýletinçileriniň bilim derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Mejlisde TGÝMJ-niň iri halkara guramalary we düzümleri, ilkinji nobatda bolsa, BMG bilen hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, işewür duşuşyklary hem-de okuw çärelerini geçirmek boýunça meýilnamalar, “Türkmenistanda halkara ynsanperwer hukugyny ornaşdyrmak boýunça 2024 — 2026-njy ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasynyň” durmuşa geçirilişi barada maglumat diňlenildi.