Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky telekeçileri Eksport mekdebine gatnaşmaga çagyrýar
Işleri eksporta gönükdirilen telekeçileri we kärhanalary Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky Eksport mekdebine gatnaşmaga çagyrýar.
Eksport mekdebi telekeçileriň eksport işleri bilen baglanyşykly bilimlerini we başarnyklaryny ýokarlandyrmaga, şeýle hem ony ösdürmek üçin maslahat beriş çözgütleri bilen üpjün etmäge gönükdirilendir. Ol işewür ýolbaşçylar we kompaniýanyň eksporta jogapkär işgärler üçin okuw maslahatlarydyr.
Eksport mekdebi Aşgabatda gurlar we eksporta gönükdirilen kärhanalara işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga kömek eder. Okuw maslahatlary 2024-nji ýylyň iýun-iýul aýlarynda geçiriler.
Eksport mekdebi tejribesi bolmadyk eksportçylara we kompaniýalara bu pudakda esasy ýörelgeleri almaga, daşary söwdada ilkinji ädimlerini ätmäge we täze daşary ýurt bazaryna ynamly girmäge taýýarlanmaga mümkinçilik berer.
Eksport mekdebiniň maksatnamasy: eksport işleri üçin iň möhüm mowzuklar boýunça 8 okuw maslahaty we eksport kompaniýalaryna maslahat beriş goldawy öz içine alýar.
2022-2023-nji ýyllarda Türkmenistanyň 38 kompaniýasy eksport işjeňliginiň täze derejesine geçmäge mümkinçilik berýän Eksport mekdebiniň meýilnamasy boýunça eýýäm ösüşi başdan geçirdi.
Eksport mekdebi Türkmenistanda Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň «Kiçi telekeçilige Maslahat» Maksatnamasy, MCT Agentligi bilen bilelikde guralan taslamadyr. Okuw maslahatlary we geňeşmeler dürli iş meselelerinde öňdebaryjy geňeşçiler, şeýle hem hukuk we logistika meseleleri boýunça tejribeli hünärmenler tarapyndan geçirilýär.
Has giňişleýin maglumat üçin şu salga birigiň!
Eksport mekdebine iki adamyň (kompaniýanyň başlygy we eksporta jogapkär adam) gatnaşmagy üçin 500 manat töleg etmeli!
Eksport mekdebine gatnaşmak üçin 2024-nji ýylyň 17-nji maýyndan öň şu salgydaky maglumatnamany doldurmaly!