Tbilisi we Aşgabat syýahatçylygy täzeden dikeldýärler: gün tertibinde göni uçuşlar

Gruziýanyň Ykdysadyýet we durnukly ösüş ministrliginiň şypahanalary ösdürmek agentligi, Aşgabatda ýurdunyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini hödürledi. Duşuşyk 1-nji martda «Ýyldyz» myhmanhanasynda pudak ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň, syýahatçylyk agentlikleriniň we Türkmenistanyň awiakompaniýasynyň gatnaşmagynda geçirildi.

 

Çäräni, Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Konstantin Sabiatişwili açdy we iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň depginli ösüşini belläp geçdi.

 

Ilçi, Gruziýanyň we Türkmenistanyň mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin möhüm ädimleri ätýändigini belläp, syýahatçylyk pudagynda aragatnaşyklar üçin amatly şertleri döredýän iki ýurduň bähbitli geografiki ýerleşişini we umumy ähmiýetini nygtady. Pandemiýadan öňki döwürde, 2019-njy ýylda, Türkmenistandan Gruziýa saýahat edenleriň sanynyň 13000-den gowrakdygyny bellemelidiris.

 

─ Biz Aşgabat – Tbilisi göni uçuşlaryň ýola goýulmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Iýun aýynda Tbiliside hökümetara komissiýa geçiriler. Onda Türkmenistanyň raýatlary üçin wizasyz tertibiň girizilmegi ýaly köp meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Ýurduňyzyň ýaşaýjylary biziň ajaýyp paýtagtymyzy görmeli, Gruziýanyň raýatlary bolsa Aşgabat ýaly ajaýyp şähere baryp görmeli –diýip, Gruziýanyň şypahanalary ösdürmek boýunça müdiri Aleksandr Onoprişwili sözüni jemledi.