Ýurdumyzyň Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda hereket edýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Döwletli-Döwran» hojalyk jemgyýetiniň öndürýän keramiki bezeg önümlerine isleg barha ýokarlanýar.
2021-nji ýylda açylyp ulanylmaga berlen, bir iş gününde 550 tonna çig maly gaýtadan işlemäge mümkinçiligi bolan, önümleri içerki bazara, şeýle hem eksport üçin niýetlenen bu kärhananyň işe girizilmegi ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama işleri üçin aýratyn ähmiýete eýe boldy. 28 gektar ýerde ýerleşýän, 3 gatly edara binasyndan, önümçilik desgalaryndan, kömekçi we tehniki toplumlardan ybarat bolan bu kärhananyň önümleri döwrebaplygy, ýokary hil derejesi, berkligi we göze gelüwliligi bilen tapawutlanýar.
Kärhanada Ýewropa döwletleriniň hem-de Ýaponiýanyň iň kämil tehnologiýalary, sol sanda sanly ulgam, kuwwatly robot tehnikalary ornaşdyrylypdyr. Kämil tehnikalar öndürilýän önümleriň dünýä ülňülerine laýyk gelmegini üpjün edip, el zähmetini aradan aýyrýar, bu bolsa ýüklemek, daşamak we gaplamak işleri ýapon tehnologiýalary bolan robotlaryň üsti bilen amala aşyrylýar diýmekdir. Bu döwrebap kärhanada ekologiki taýdan arassa, keramiki bezeg kerpiji we gurluşyk-gurnama işlerinde zerur bolan keramiki plitalar, keramiki bezeg daşlary, ýagny, klinker kerpiji, örtüji kerpiçler, binalarda ýylylygy kadaly saklaýan termobloklar öndürilýär.
Öndürilýän önümleriň reňkleriniň alyjylaryň isleglerine görä saýlanyp alynýandygyny hem-de syrçalanýandygyny belläp geçmek bolar. Gurluşyk önümleri doly taýyn edilenden soňra, baglanylyp, polietilen örtükler bilen örtülýär we taýýar önümler ammaryna ýa-da sarp edijilere ugradylýar. Önümçilik üçin zerur bolan çig mal Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Köýtendag kän müdirligine degişli bolan «Sakar-35», «Gubadag» we «Bäşhatyn» ýataklaryndan alynýar. Şeýle hem hojalyk jemgyýetiniň önümçilik desgasynyň Türkmenabat – Kerki demir we awtoulag ýollarynyň ugrunda ýerleşmegi kärhana zerur bolan mukdardaky çig maly getirmeklige hem-de taýýar önümleri sarp edijilere ýetirmekdäki çykdajylaryň az bolmagyny üpjün edýär.
Kärhananyň öndürýän önümleri dürli howa şertlerine – aýaza, gyzgynlyga we çyglylyga çydamlylygy, çyg geçirmeýänligi, aýratyn berkligi bilen tapawutlanýar. Hojalyk jemgyýetinde önümçilige gelip gowşan çig malyň himiki we fiziki düzümini, şeýle hem taýýar önümleriň göz öňünde tutulan häsiýetlerini kesgitleýän häzirki zaman enjamlary oturdylan barlaghana hereket edýär. Bu bolsa, öndürilýän önümleriň hil derejesiniň ýokary bolmaklygyny üpjün edýär. Kärhanada öndürilýän önümler binalardyr desgalaryň berkligini, içki hem-de daşky örtükleriniň çydamly, döwrebap hem-de owadan bolmaklygyny üpjün edýär.
Öndürilýän önümleriň dünýä ülňülerine laýyk gelmegi, içki bazar bilen bilelikde daşarky bazarda hem bu önümleri islegli harytlara öwürýär. Kärhananyň önümleriniň Özbegistan, Gazagystan ýaly döwletlere eksport edilip başlanmagy hem-de onuň möçberiniň barha artmagy ýokarda aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr. «Döwletli-Döwran» hojalyk jemgyýetinde işçi-hünärmenleriň 160-dan gowragy zähmet çekip, işler üç iş çalşygynda alnyp barylýar. Bu ýerde işleýänlere dynç almaklary üçin ýörite otaglar göz öňünde tutulypdyr, şeýle hem işçi-hünärmenleriň naharlanmaklary hem-de işe gatnamaklary üçin döwrebap naharhana, ýolagçy awtoulagy hyzmat edýär.
Işleri barha ilerleýän «Döwletli-Döwran» hojalyk jemgyýetinde önümçiligiň gerimini has-da giňeltmek, eksport ugruny artdyrmak göz öňünde tutulýar.