Türkmenistan gök-önüm satmak boýunça Täjigistanyň bazarynda öňdelige ele alýar

«EastFruit» saýtynyň bilermenleriniň pikirine görä, häzirki wagtda Täjigistanyň lomaý bazarlarynda Türkmenistandan getirilýän ýyladyşhana pomidorlary esasy orny eýeleýär.

Ýakymly görnüşi we döwrebap derejede gaplanan pomidorlar amatly bahasy bilen bäsdeşlige ukyplydyr. Şeýle hem türkmen pomidorynyň Özbegistanyň ýyladyşhana önümlerini Täjigistanyň bazaryndan düýbünden gysyp çykarandygyny bellemelidiris.

Şol bir wagtyň özünde bu möwsüm Täjigistanyň ýyladyşhana toplumlarynda ýüze çykan kynçylyklara garamazdan, bu gök önümleriň bahasy ýylyň bu döwründe rekord derejede pesdir.

Pomidoryň bir kilogramynyň ortaça lomaý bahasy 1,46 ABŞ dollaryna deň bolup, bu rekord derejede pes hasaplanýar we ýakyn wagtda bu önümleriň ýene-de bahasynyň arzanlamagyna garaşylýar.

Şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky ýyladyşhana pomidorlarynyň nyrhynyň häzirki wagtda Gündogar Ýewropa ýurtlaryndaky bahalar bilen deňeşdirilende beýle pes däldigini bellemek gyzykly. Hususan-da, önümleriniň esasy bölegini Türkiýeden import edýän Moldowada pomidoryň lomaý bahasy häzirki wagtda Özbegistandan pes we Täjigistandaky bahalara ýakyn. Şeýle hem Polşadaky bahalar Özbegistandaky ýyladyşhana pomidorlarynyň bahasy bilen deňdir.