Türkmenistanyň professional kibersportçylary nirede we nähili taýýarlyk görýärler?

Elektron sporty gysga wagtyň dowamynda bütin dünýäde uly meşhurlyk gazandy. 20 ýyl mundan ozal kompýuter oýunlary boýunça çempionatlaryň muşdaklarynyň uly sport arenalaryny doldurjakdygyny we bu ýaryşlaryň özbaşdak geçiriljekdigini hiç kim göz öňüne hem getirip bilmezdi. Häzirki wagtda bolsa elektron sporty olimpiýa maksatnamasyna mynasyp görnüşleriň biri hasaplanylýar. GDA-nyň beýleki ýurtlary ýaly, Türkmenistan hem elektron sporty boýunça dünýä arenasyna ynamly ädimler bilen gadam goýýar we mynasyp netijeleri görkezmek üçin netijeli işleri alyp barýar.

Elektron sportunda fiziki işjeňligiň minimaldygy baradaky gürrüňler düýbünden nädogrydyr. Muny subut etmek üçin Russiýa Federasiýasynyň bilermenleri ýörite ylmy binýady taýýarlaýarlar: adaty bolmadyk synaglary geçirmek boýunça dissertasiýalary ýazýarlar. Mysal üçin, professional oýunçynyň bedenine berkidilen ýörite datçikler oýun wagtynda onuň ýüreginiň bir kilometre ylgaýan adamyňky ýaly ýygylykda urýandygyny görkezýär.

Türkmen kibersportçulary Aşgabatda ykjam türgenleşik geçýärler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň düzümindäki «Kibersport» merkezinde ýurtda sportuň ýokary tehnologiýaly görnüşini ösdürmek ugrundaky üstünlikli hem netijeli işler dowam etdirilýär.

 

Sport toparynyň ýolbaşçylarynyň we türgenleriniň gatnaşmagynda wirtual giňişlikde guralýan türgenleşikler, ýaryşlar we oýunlar taýýarlygyň möhüm bölegini emele getirýär. Bu sportuň täze nesli bolan talyplar zerur bolan sport we sanly endikleri öwrenýärler hem-de kämilleşýärler. Iň esasy ähmiýet gatnaşyjylaryň başarnyklaryny we mümkinçiliklerini hil taýdan täze derejä çykarmakda, sapaklaryň netijeliligini kämilleşdirmekde jemlenýär.

2008-nji ýylda Koreýa Respublikasynda Halkara Kibersport federasiýasynyň (IeSF) döredilendigini bellemek möhümdir. Bu federasiýa häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerindede ýerleşýän milli federasiýalaryň 128-sini utgaşdyrýar. Türkmenistanyň Milli elektron sport federasiýasy (TMeSF) bolsa 2020-nji ýylyň sentýabrynda ýurduň elektron sportuny ösdürmek baradaky maksatlaryna ýetmek boýunça  möhüm ädimleriň biri hökmünde IeSF-e goşuldy.

 

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň düzümindäki «Kibersport» merkezi 2023-nji ýylda döredildi.

Merkez ýokary tizlikli internete birikdirilip, güýçli kompýuterler, wirtual hakykat (VR) enjamlary we ýokary derejeli halkara ülňülerine esaslanýan zerur hem häzirki zaman abzallarydyr serişdeleri bilen enjamlaşdyrylandyr.

 

Merkeziň esasy maksady Türkmenistanda elektron sportuny ösdürmekden, şu görnüş boýunça häzirki zaman sanly giňişligini gowy bilýän türgenleriň ýaş neslini terbiýelemekden, halkara we beýleki ýaryşlar arkaly ýaş zehinleri birleşdirmekden, olara taýýarlyk görmekden hem-de gatnaşmakdan, milli toparlaryň döremegini gazanmakdan, elektron sportuna bolan gyzyklanmany ösdürmekden hem-de onuň türkmen ýaşlarynyň arasyndaky meşhurlygyny artdyrmakdan ybaratdyr.

Häzirki wagtda «Kibersport» merkezi «Dota 2», «Counter Strike 2», «E-futbol», «E-basketbol» we beýleki ugurlar boýunça toparlara kabul edýär. Toparyň agzalary dürli derejedäki ýaryşlara gatnaşýarlar hem-de «Dota 2» we «CS2» boýunça Aziýanyň reýtinginde öňdebaryjy orny eýeleýärler.