Aşgabatda «Altyn Asyryň» oýunçylarynyň gatnaşmagynda mekdep okuwçylary üçin niýetlenen futbol festiwaly geçirildi

Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylary üçin niýetlenen «Grassroots football day 2024» futbol festiwaly geçirildi. Futbol baýramçylygy Türkmenistanyň Futbol federasiýasy tarapyndan guraldy.

Oňa 100 töweregi ýaş futbolçy gatnaşdy.

 

Çäre «Altyn Asyr» futbol klubunyň oýunçylarynyň ussatlyk sapaklaryny özünde jemledi. Zehinli oýunçylar öz tejribelerini ýaşajyk futbolçylar bilen paýlaşdylar.

 

Türgenleşikler ýaşlaryň derwezä urgulary geçirmekleri, dürli maşklary hem-de gönükmeleri ýerine ýetirmekleri ýaly bölümleriň birnäçesinden ybarat boldy.

 

Ýaşajyk futbolçylar sapaklara höwes bilen gatnaşdylar.

 

Festiwalyň maksady ýurtda futbolyň meşhurlygyny artdyrmakdan ybarat bolup durýar. Çärä gatnaşanlaryň ählisine ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Mekdep okuwçylary «Altyn Asyr» klubunyň professional futbolçylary bilen surata düşdüler.