Özbegistanda Transowgan multimodal ulag geçelgesiniň gurluşygy ara alnyp maslahatlaşyldy
Özbegistanda ulag ministrleriniň we Belarusy, Russiýany, Gazagystany, Özbegistany, Owganystany hem-de Pakistany öz içine alýan Transowgan multimodal ulag geçelgesine gatnaşýan ýurtlaryň wekilleriniň duşuşygy geçirildi. Bu barada «Trend» habar berdi. Çeşme çärä demir ýol administrasiýalarynyň wekilleriniň we halkara ýol daşaýjylarynyň hem gatnaşandygyny tassyklaýar. Bu ýerde bilelikdäki iş toparyny döretmek baradaky teswirnama gol çekildi we ulag geçelgelerini ösdürmek üçin «Ýol kartasy» kabul edildi. Mundan başga-da, Transowgan demir ýolunyň gurluşygynyň geljegi we onuň tehniki-ykdysady esaslandyryşyny işlemek hem-de bu işi bilelikde maliýeleşdirmek üçin gyzyklanýan bildirýän ýurtlary öz içine aljak taslama üçin Konsorsiumyň döredilmegi bilen bagly mümkinçiligiň ara alnyp maslahatlaşylandygy habar berildi. Şeýle hem, gatnaşyjy ýurtlaryň ekspeditorlarynyň we ulag kärhanalarynyň arasynda ikitaraplaýyn ýygnaklar hem-de işewür gepleşikler geçirildi. Nobatdaky ýygnagyň 2024-nji ýylyň 14 — 19-njy maýynda Kazanda geçiriljek «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2024» XV Halkara ykdysady forumynyň çäginde guralmagynyň meýilleşdirilýändigi bellenildi.