Türkmen türgenleri Özbegistanda geçen karatedo boýunça halkara ýaryşyň 23 medalyna eýe boldular

Türkmen ýygyndysy karatedo boýunça Özbegistanyň açyk çempionatynda diýseň ajaýyp netije görkezmegiň hötdesinden geldi. Ildeşlerimiz ýaryşyň 23 medalyna eýe boldular. Şolaryň 5-si altyn, 5-si kümüş, 13-si bolsa bürünç medallardyr.  

 

Ürgenç şäherinde geçen ýaryş 27 — 30-njy aprel aralygynda ýaýbaňlandyryldy.

 

Ýaryşa dört ýurtdan — Türkmenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan hem-de Gyrgyz Respublikasyndan 293 türgen gatnaşdy. Şolaryň 200-si erkekler, 93-si bolsa zenanlardyr.

 

Türkmenistanyň ýygyndy toparyna 74 türgen wekilçilik etdi.

Özbegistan ýaryşyň ýer eýesi hökmünde aýratyn sport klubuny hem hödürledi.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçi Aýdyň Çaryýewiň ýolbaşçylygynda çykyş edendigini bellemek gerek.

Ildeşlerimiz 13 topary özünde jemlän ýaryşyň medal sanawynda üçünji orny eýelemegi başardylar.