Çarşenbe güni, birža söwdalaşyklarynda nebithimiýa we gurluşyk önümleri satyldy
Çarşenbe güni, 1-nji maýda, birža söwdalarynda daşarky bazarda Owganystan Yslam Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýe Döwletiniň işewürleri "Türkmennebit" we "Türkmenhimiýa" Döwlet Konserninden "B" kysymly karbamidy, "SN-350" kysymly başlangyç ýagyny, içerki bazarda ýerli işewürler "Türkmennebit" Döwlet Konserninden "TPP D 30 S" kysymly polipropileni we Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi Ministrliginden duz (flaat) aýnasyny satyn almak barada geleşik baglaşdylar. Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 3 950 000,00 manada we 2 105 080,00 ABŞ dollaryna deň bolan 6 geleşik baglaşyldy.