Gurbanguly Berdimuhamedow Çynar Rüstemowanyň diplomatik tejribesine ýokary baha berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa 70 ýaş ýubileýi mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde beýan edilişi ýaly, gutlag hatynda, hususan-da, şeýle diýilýär:

«Hormatly Çynar Rüstemowa!

Sizi 70 ýaş toýuňyz bilen mähirli gutlaýaryn. Siz ata Watanymyza köp ýyllap yhlas bilen, tutanýerli hyzmat etdiňiz. Uzak ýyllaryň dowamynda halal zähmet çekip, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, dünýäniň ösen, öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmagy, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alnyp barylýan tutumly işlere mynasyp goşant goşduňyz. Ussat diplomat hökmünde Garaşsyz döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli hem-de netijeli hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge çalyşdyňyz. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini ýokarlandyrmakda netijeli işleri amala aşyrdyňyz. Haýsy wezipede işleseňiz-de, mähriban Watanymyza, eziz halkymyza wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezdiňiz. Siz tejribeli hem-de ussat diplomat hökmünde ýurdumyzyň ýaş diplomatik işgärlerini terbiýeläp ýetişdirmekde, öz baý tejribäňizi olara öwretmekde hem köp işleri bitirdiňiz. Häzirki döwürde hem yhlasly zähmetiňiz bilen ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşýarsyňyz. Watanymyz Siziň uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmetiňize ýokary baha berdi. Siz ýurdumyzyň köp sanly döwlet sylaglaryna, şeýle hem Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent ada mynasyp bolduňyz. Bu ýokary sylaglar Siziň eziz Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň öňünde bitiren asylly işleriňize şaýatlyk edýär. Halkymyzyň öz zähmetsöýer gyzyna bolan buýsanjyny artdyrýar.

Hormatly Çynar Rüstemowa! Sizi şanly ýaş toýuňyz bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala ojagyňyza abadan hem-de bagtyýar durmuş, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrunda amala aşyrýan işleriňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin».