TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET GÜMRÜK GULLUGYNDA DAŞARY YKDYSADYÝET IŞINE GATNAŞYJYLAR BILEN DUŞUŞYKLAR GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň hünärmenleri bilen daşary ykdysadyýet işine gatnaşyjylaryň arasynda duşuşyklar boldy.

 

Aşgabat şäher gümrükhanasyndaky duşuşyga Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň Ösümlikler boýunça döwlet karantin gullugynyň, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň, «Türkmendemirýollary» we «Türkmenawtoulaglary» agentlikleriniň, «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işgärleri, şeýle hem birnäçe ulag we logistika kompaniýalarynyň wekilleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler guramasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hünärmenleri hem-de hususy telekeçiler gatnaşdylar.

 

Gatnaşanlara eksportyň mukdaryny we importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek üçin döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan ýurdumyzyň eksport mümkinçiliginiň ösmegine goldaw bermek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

 

Hususan-da, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyndaky täzelikler we türkmen eksportçylary üçin kanun tarapyndan göz öňünde tutulan ýeňillikler hödürlendi.

 

Şeýle hem gatnaşyjylara eksport-import geleşikleri üçin «bir penjirä» geçmegiň bir bölegi hökmünde kagyzsyz gümrükhana işiniň resmileşdirilmegine geçmegiň geljegi barada gürrüň berildi.